- pukara
- [pu:kara:]1) Barly bolmadyk, ýoksul garyp (adam).∙ Köpçülik pukaralar bolsa arçynlykdan elli bizar bolup, diňe tomaşaçy hökmünde durdular. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Ýer baýlardan alnyp, kileň özümiz ýaly ýersiz batraklara, pukaralara berilýär. (B. Soltannyýazow, Kümüş)2) Göçme manyda Biçäre, görgüli.∙ Ýeri, pukarany munça azara goýup, ondan näme çykdy diýsene?! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)3) Göçme manyda Gepi-gürrüği ýok, sessiz-üýnsüz, ýuwaş (adam).∙ Ol örän pukara adam.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.